Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:20 - Mukaddes Kitap

20 Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Гайтам, олара хат язып, шейле диелиң: „Бутлара хөдүрленен гурбанлык этини иймекден, зынадан, дамагы чалынмадык харам хайваның этинден ве ганындан даш дуруң“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:20
47 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.


Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men Rebdirin.


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».


Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň.


Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir.


Azgynlykdan gaçyň. Adam her nähili günä etse-de, ol onuň tenine galtaşýan däldir. Emma azgynlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir.


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn.


Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr;


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.


Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;


Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


Elinde açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňze, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy-da,


Soňra gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip, maňa: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler.


«Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ