Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:17 - Mukaddes Kitap

17 Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шейдип, аман галанлар Ребби агтарсын, Маңа дегишли әхли миллетлер Ребби гөзлесин. Муны бу затлары эдйән Реб айдяндыр,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:17
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.


meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.


Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim, agtarmaýanlar tapdylar Meni. Adymy tutmaýan millete: «Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna, Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder. Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!


Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».


Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.


Siziň degişli bolan Hudaýyňyzyň beýik adyna dil ýetirýänler hem baýlar dälmi näme?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ