Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Яхудыядан бирнәче адам Антиёха гелип, доганлара: «Мусаның адаты боюнча сүннетленмесеңиз, халас болуп билмерсиңиз» дийип өвредйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 15:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin.


Özüňiz bolsa, Musanyň kanunyny berjaý edýäris diýip hem, Sabat güni çagalary sünnet edýärsiňiz. Aslynda sünnet Musadan däl-de, ata-babalardan galandyr.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik.


Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi.


Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler.


Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler.


Men on dört ýyldan Barnap bilen ýene-de Iýerusalime gitdim. Bu gezek biziň bilen Titus-da gitdi.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ