Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 14:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ол ерден хем олар гәмили Антиёха доланып гелдилер. Павлус билен Барнап бу шәхерде өзлерини Худайың мерхеметине табшырып, хут шу ерден шинди тамамлан ишлерини амала ашырмага уграпдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 14:26
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Petrus Antiýoha gelende, onuň goýberen ýalňyşyny aç-açan ýüzüne aýdyp, oňa garşy çykdym.


Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ