Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 14:19 - Mukaddes Kitap

19 Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эмма Антиёхдан, Икониядан гелен яхудылар халкы өҗүкдирип, Павлусы дашладылар ве өлендир өйдүп, оны шәхерден сүйрәп чыкардылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 14:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.


Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar.


Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler.


Bu sözler bilen olar halky özlerine gurbanlyk hödür etmekden zordan dändirdiler.


Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler.


Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler.


Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar.


Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.


Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.


Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.


Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.


Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi.


Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym, bir gije-gündizimi açyk deňizde geçirdim.


Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.


Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ