Reb: «Görsene, olar bir halk, olaryň dilleri-de bir. Bu olaryň niýetiniň başlangyjydyr; olar indi öz göwünlerine gelen zatlaryny etmekden saklanmazlar.
Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.
Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.
Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.