Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 14:17 - Mukaddes Kitap

17 Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Муңа гарамаздан, Ол Өзүниң бардыгыны хич хачан субутсыз гоймаяр. Середиң! Сизе ягшылык эдип, асмандан ягыш ягдыряр, мөвсүминде хасыл берйәр, гарныңызы биркемсиз дойруп, йүреклериңизи шатлыкдан долдуряр» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 14:17
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».


Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Hudaý halky şeýle dolandyrýar, olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.


Çünki Ol gara „ýag“ diýip, ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.


Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, meýdanlary suwarýan-da Oldur.


Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.


«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi? Size başdan aýdylmadymy? Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň».


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.


Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.


Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.


Bu sözler bilen olar halky özlerine gurbanlyk hödür etmekden zordan dändirdiler.


Hudaý ähli milletleri bir adamdan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzüne ýaýratdy. Olaryň ýaşajak wagtyny we çägini öňünden belläp berdi.


Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.


Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ