Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 13:38 - Mukaddes Kitap

38-39 Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38-39 Шонуң үчин хем, эй, доганлар, шуны билип гоюң: биз сизе гүнәлериң Иса аркалы багышланяндыгыны ыглан эдйәрис. Иса иман эден хер бир адам Ол аркалы акланяр. Бу Мусаның кануны боюнча мүмкин дәлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 13:38
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men muny siziň hatyraňyza etmeýärin – Hökmürowan Reb diýýär – muny bilip goýuň. Eý, ysraýyl halky, tutan ýollaryňyzdan utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn!»


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».


Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.


Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.


Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr.


Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar.


Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ