Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 13:22 - Mukaddes Kitap

22 Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Худай Шавулы тагтдан дүшүренден соң болса, олара Давуды патыша этди ве ол хакда шаятлык эдип: „Гөвнүмден турян бир адамы, Йышайың оглы Давуды тапдым. Ол Мениң әхли ислегими берҗай эдер“ дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 13:22
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.


Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.


Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.


Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi.


Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.


Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady.


Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».


Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?


Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ