Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy.
Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.
Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.
«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.
Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler.
Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar.
Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.
Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.
Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?