Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 13:15 - Mukaddes Kitap

15 Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Төврат билен пыгамберлериң язгыларындан окаландан соң, синагоганың баштутанлары: «Доганлар, халка нәме өвүт-несихатыңыз бар болса айдың, баш үстүне!» дийип, олары чагыртдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 13:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.


Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.


«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.


Eger nesihatçy bolsa, nesihat bersin; mätäçlere haýyr-sahawat ediji bolsa, muny sahylyk bilen etsin. Eger baştutanlyk berlen bolsa, muny yhlas bilen ýerine ýetirsin, rehim-şepagat etmeklik berlen bolsa, muny göwünjeňlik bilen etsin.


Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.


Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar.


Biziň çagyryşymyzda ne ýalan, ne ýaman niýet, ne-de hile bardyr.


Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ