Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.