Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 12:23 - Mukaddes Kitap

23 Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Шобада Реббиң бир перишдеси Хиродеси җезаландырды, себәби ол Худайы шөхратландырманды. Шейдип, онуң эндам-җаны гуртлап өлди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 12:23
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.


Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.


Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir, hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.


«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi.


Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Güýe olary eşik kimin iýer, olary ýüň kimin iýer güýe; Men bolsa sizi elmydama azat ederin, asyrlar boýy sizi halas ederin».


Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Halk hem: «Bu ynsan sesi däl-de, bir hudaýyň sesidir!» diýip gygyryşdy.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


On gün çemesi wagtdan soň Reb Nabaly urdy; ol öldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ