Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.
Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.
Adamlar aždarha sežde etdiler, sebäbi ol öz ygtyýaryny jandara beripdi. Olar: «Jandara taý geljek barmy? Oňa garşy urşup biljek barmy?» diýip, oňa hem sežde etdiler.