Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 12:17 - Mukaddes Kitap

17 Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Петрус олара эли билен юваш болмакларыны ышарат этди. Онсоң Реббиң өзүни зындандан нәхили азат эдендигини олара гүррүң берди. Соңра: «Муны Якуба ве бейлеки доганлара хабар бериң» дийди-де, башга ере чыкып гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 12:17
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!


Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.


Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy.


Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy.


Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi.


Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi.


Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Petrus bolsa yzyny üzmän gapyny kakýardy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar.


Gün doganda, esgerleriň arasynda uly galmagal turdy. Olar biri-birinden: «Petrusa näme bolduka?» diýşip soraýardylar.


Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň!


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.


Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.


Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.


Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


Petrus Ýakubyň iberen adamlary gelmezden ozal, keseki milletler bilen bir saçak başynda iýip-içýärdi. Emma şol adamlar gelende, Petrus sünnet edilmegi ündeýänlerden gorkup, keseki milletlerden çetleşip, olar bilen gatnaşygy kesdi.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ