Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 11:30 - Mukaddes Kitap

30 Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Олар шейле хем этдилер, пулы Барнап ве Шавул аркалы йыгнак ёлбашчыларына ибердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 11:30
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem etmäge başlady.


Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar.


Olar şäherleriň içinden geçip, ol ýerdäki imanlylara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar.


Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy.


Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.


Iki ýa üç şaýat bolmasa, ýygnagyň ýolbaşçysy hakdaky aýyplamany kabul etme.


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ