Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 11:22 - Mukaddes Kitap

22 Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Бу хакдакы хабарлар Иерусалимдәки йыгнага барып етди. Олар Барнабы Антиёха ёлладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 11:22
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler.


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Pawlus Kaýsariýa gelende, Iýerusalime gidip, imanlylar topary bilen görüşdi. Soňra Antiýoha gitdi.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler.


Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi.


Petrus Antiýoha gelende, onuň goýberen ýalňyşyny aç-açan ýüzüne aýdyp, oňa garşy çykdym.


Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ