Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 11:20 - Mukaddes Kitap

20 Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Оларың арасында Кипрден ве Киринейден Антиёха гелен кәбир иманлылар барды. Олар Реб Иса барадакы Хош Хабары ол ердәки башга миллетлере-де вагыз этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 11:20
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar.


Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler.


Pawlus Kaýsariýa gelende, Iýerusalime gidip, imanlylar topary bilen görüşdi. Soňra Antiýoha gitdi.


Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi.


Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi.


Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz etmäge başlady.


Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar.


Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim.


Petrus Antiýoha gelende, onuň goýberen ýalňyşyny aç-açan ýüzüne aýdyp, oňa garşy çykdym.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ