Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 10:38 - Mukaddes Kitap

38 Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Худайың насыралы Исаны Мукаддес Рух ве гүйч-гудрат билен долдурып, Оны сайлап-сечендигини билйәнсиңиз. Иса чар тарапа айланып, көп ягшы ишлер этди, иблисиң хөкмүрованлыгындан эҗир чекйәнлериң барына шыпа берди, себәби Худай Онуң биленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 10:38
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň Kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir.


Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.


Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.


Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.


Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi.


Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir.


Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Ýahýa suwa çümdüriliş barada wagyz etmäge başlandan soňra, Jelileden başlap, bütin Ýahudyýada bolan wakalardan habaryňyz bardyr.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ