Resul 10:36 - Mukaddes Kitap36 Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап36 Худай ысрайыл халкына иберен бу парахатлык Хош Хабарыны хеммелериң Ребби болан Иса Месих аркалы ыглан этди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.
Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!