Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 10:33 - Mukaddes Kitap

33 Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Шейлеликде, мен дессине саңа адам ёлладым, сен-де гелип ягшы этдиң. Ине, хеммәмиз Худайың саңа айтмагы буйран әхли задыны эшитмек үчин, Онуң хузурына топландык».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 10:33
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.


Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.


Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.


Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur.


Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Indi Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyrt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr“ diýdi.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Şonda ýarawsyzlygym sizi kyn ýagdaýa salsa-da, siz maňa äsgermezçilik etmändiňiz, meni ret etmändiňiz. Tersine, meni Hudaýyň perişdesi ýaly, Isa Mesihiň hut Özi ýaly kabul edipdiňiz.


Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ