Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 10:31 - Mukaddes Kitap

31 „Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 „Сениң Худая эден догаларың, гарыплара пайлан садакаларың Онуң назарында кабул болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 10:31
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn.


Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.


Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün:


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Indi Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyrt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr“ diýdi.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ