Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 10:28 - Mukaddes Kitap

28 Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Петрус олара: «Бир яхудының башга миллетден болан бири билен гатнашмагының я-да онуң янына гитмегиниң бизиң канунымыза гаршыдыгыны өзүңиз билйәнсиңиз. Эмма Худай маңа хич бир адама харам диймели дәлдигими аян этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 10:28
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler.


Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.


Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler.


Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady.


Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler.


Şonuň üçin hem çagyrylanymda, ikirjiňlenmän gaýtdym. Indi meni näme üçin çagyrandygyňyzy sorap bilerinmi?» diýdi.


Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ