Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Resul 10:14 - Mukaddes Kitap

14 Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Петрус: «Ёк, Реббим! Яхуды канунына гөрә, мен хич хачан харам зат иен дәлдирин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Resul 10:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym!


Ýok! Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan kowuldylar.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok, haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».


Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.


Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň.


Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.


Emma akyllylar: „Ýok! Bize-de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler.


Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi.


Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler.


Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.


Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak?


Bir ses oňa: «Petrus! Tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi.


Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.


Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol maňa: „Men seniň azar berýän nasyraly Isaň“ diýip jogap berdi.


Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ