Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:38 - Mukaddes Kitap

38 Bu zatlaryň hemmesi üçin biz Seniň bilen ýazmaça berk äht edişýäris. Bu möhürli hata baştutanlarymyzyň, lewilerimiziň we ruhanylarymyzyň atlary ýazylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

38 Бу затларың хеммеси үчин биз Сениң билен язмача берк әхт эдишйәрис. Бу мөхүрли хата баштутанларымызың, левилеримизиң ве руханыларымызың атлары языляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:38
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.


Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.


Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm.


Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.


Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin.


Möhürli hata ady ýazylanlar: Hakalýanyň ogly häkim Nehemýa, Sidkiýa,


Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».


Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ