Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:37 - Mukaddes Kitap

37 Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň we mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Мундан өнйән бол хасыл болса гүнәлеримиз зерарлы Сениң үстүмизден гоян патышаларыңа гидйәр. Олар бизиң ве мал-гараларымызың үстүнден иследиклериче хөкүм сүрйәрлер. Биз болсак, агыр мушакгат ичиндедирис».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:37
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.


Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin.


Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.


«Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar.


Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar, tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer.


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ