Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:35 - Mukaddes Kitap

35 Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Олар өз патышалыкларында, Сениң берен болчулыгыңда, Сениң берен гиң ве мес топраклы меканыңда Саңа гуллук этмедилер, өз пис ишлеринден эл чекмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:35
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.


Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.


«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.


Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».


Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz.


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ