Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:32 - Mukaddes Kitap

32 Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Эй, әхтини ве садык сөйгүсини саклаян Худайымыз! Бейик, гудратлы хем хайбатлы Худай! Ашур патышаларының дөврүнден тә шу гүне ченли патышаларымызың, баштутанларымызың, руханыларымызың, пыгамберлеримизиң, ата-бабаларымызың, Сениң халкың болан бизиң башымыздан инен җебир-җепалар Сениң гөзүңе аз гөрүнмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:32
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň.


Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi.


Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler.


Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň.


Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.


Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.


Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn, çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň, ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk.


Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.


«Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar.


Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.


Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ