Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:29 - Mukaddes Kitap

29 Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Сен олара Өз кануныңа тарап өврүлмеклерини дуйдурдың. Эмма олар шонда-да текепбирлик эдип, Сениң табшырыкларыңа боюн эгмедилер; хөкүмлериңи берҗай этселер, яшаҗакдыкларыны билселер-де, хөкүмлериңи рет этдилер. Олар геришлерини йүкден совуп, бойнуёгынлык этдилер, диңлемедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:29
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler.


Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.


Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.


Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.


Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym.


Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.


Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.


Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.


Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.


Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.


Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.


Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar».


Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar».


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ