Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:27 - Mukaddes Kitap

27 Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Шонуң үчинем Сен олары душманларының элине бердиң. Душманлары олара эзъет бердилер. Хорлук чекйәркәлер, олар Саңа налыш этдилер. Сен оларың наласыны гөкден эшитдиң. Бейик рехимдарлыгың билен ысрайыллары душман элинден халас эдер ялы халасгәрлер бердиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:27
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Reb Ysraýyla bir halasgär berdi. Şondan soň olar Siriýanyň golastyndan çykdylar. Şeýdip, ysraýyl halky öňküsi ýaly öz öýünde asudalykda ýaşady.


Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Siz diňe Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň. Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden gutarar».


Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ