Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Гулак асмакдан боюн товлап, оларың арасында Сениң гөркезен гудратларыңы ятдан чыкардылар. Олар бойнуёгынлык эдип, Мүсүрдәки гулчулыкларына доланып бармак үчин өзлерине ёлбашчы белледилер. Эмма Сен гечиримли, мерхеметли, рехимдар, гиң гөвүнли ве садык сөйгә бай Худай. Сен олары терк этмедиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:17
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».


Hudaýymyz Reb biziň atalarymyz bilen bolşy ýaly, biziň bilenem bolsun, bizi hiç haçan taşlamasyn, terk etmesin.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.


«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.


Huzuryňa tussaglaryň nalasy ýetsin; ölüme höküm edilenleri gora Sen Öz beýik güýjüňe görä.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.


Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.


Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz!


Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».


Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular.


Sebäbi Ol Musa: «Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin» diýip aýdypdy.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ