Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Аҗыганларында, гөкден чөрек индердиң, сувсанларында, гаядан сув чыкардың. Берҗек дийип вада эден юрдуңы гидип эелемеги Сен олара эмр этдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 9:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň – Rebbiň adyndan ant içýärin.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Sen ölümden halas etdiň janymy, gözýaşlardan – meniň gözümi, büdremekden – aýaklarymy.


Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin.


Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»


Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“.


Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».


Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ