Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 7:65 - Mukaddes Kitap

65 Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

65 Хәким олара Урымы ве Туммымы уланып билйән руханы тапылянча, иң мукаддес нахардан иймезлиги табшырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 7:65
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Möhürli hata ady ýazylanlar: Hakalýanyň ogly häkim Nehemýa, Sidkiýa,


Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar.


Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy.


Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.


Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!


Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.


Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.


Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy saldy.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ