Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ине, дивар өрүлип, гапылар ерине отурдылды, дервезебанлар, айдымчылар, левилер белленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 7:1
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.


Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.


Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler.


Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.


Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.


Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.


Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.


Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.


Şeýle hem olar meniň ýanymda onuň ýagşy işleri hakda gürrüň etdiler. Meniň diýýän sözlerimi hem oňa ýetirdiler. Tobyýa-da meni gorkuzjak bolup, maňa hatlar ýollady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ