Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эй, Худайым, Тобыя билен Санбаллатың бу эден ишлерини унутма, шейле хем, пыгамбер аял Ногадя билен мени горкузмак ислән бейлеки пыгамберлериң эденлерини хем унутма!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 6:14
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Reb – meniň çopanym; men hiç zada mätäç bolmaryn.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».


Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:


Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi.


Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.


Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar.


Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ