Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 13:31 - Mukaddes Kitap

31 Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Мен вагтында одун билен үпҗүн эдилишини, илкинҗи мивелериң гетирилишини ёла гойдум. Эй, Худайым, мени ягшылыкда ятла!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 13:31
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.


Ýerimiziň ilkinji hasylyny we her bir agaçdan önen ilkinji miweleri her ýyl Rebbiň öýüne getirmegi özümize borç edinýäris.


Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.


Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden oňat işlerimiň ählisini ýadyňa sal.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!


Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.


Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.


Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ