Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 13:28 - Mukaddes Kitap

28 Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Баш руханы Эляшыбың оглы Ехояданың огулларындан бири хоронлы Санбаллатың гиевсиди. Шонуң үчин мен оны янымдан ковдум.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 13:28
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.


Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.


Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy.


Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!


Emma horonly Sanballat we Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.


Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.


Gözüme asla gelmeýär uky, men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.


Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.


Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ