Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 13:16 - Mukaddes Kitap

16 Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шәхерде яшаян сурлулар хем балык ве дүрли харытлар гетирип, Сабат гүни Иерусалимдәки яхуда халкына сатярдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 13:16
5 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym.


Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.


Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ