Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 12:43 - Mukaddes Kitap

43 Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Шол гүн олар көп гурбанлыклар берип шатландылар. Чүнки Худай олара улы шатлык эчилипди. Аяллардыр чагалар-да шатланышып, Иерусалимиң шовхуны алыслардан эшидилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 12:43
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.


Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapadyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy.


Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Dawuda, Süleýmana we halky Ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.


Şonuň üçinem şatlyk şowhunyny adamlaryň agysyndan tapawutlandyryp bolmady. Halk şeýle bir şowhun-galmagal edýärdi welin, olaryň şowhuny uzaklardan eşidilýärdi.


Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.


Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.


Emma ägirt suwlar sesinden, kuwwatly deňiz tolkunlaryndan, beýikdäki Reb has kuwwatlydyr.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler, gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar. Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin, gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


Rebbiň Äht sandygy düşelgä getirilende, ähli ysraýyllar şeýle bir gygyryşdylar welin, olaryň gykylygyndan ýaňa hatda ýer sarsdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ