Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 12:30 - Mukaddes Kitap

30 Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Руханылар ве левилер өзлерини тәмизләнлеринден соң, халкы, дервезелери ве дивары-да тәмизледилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 12:30
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.


Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.


Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler.


Hizkiýa olara: «Eý, lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizi tämizläň we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öýüni mukaddes ediň! Bu mukaddes ýerden haram zatlary çykaryp zyňyň.


Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Şeýdip, men halky kesekileriň täsirinden sapladym. Ruhanylar bilen lewileriň wezipelerini paýlaşdyryp, hersiniň etmeli işlerini belledim.


Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi.


Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär.


Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ