Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 12:27 - Mukaddes Kitap

27 Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Иерусалим дивары Худая багыш эдиленде, левилери Иерусалиме гетирҗек болуп, әхли ерлерден гөзледилер. Левилер шатлык, шүкүрлердир ве айдымлар билен кимваллар, арфалар ве лиралар билен Иерусалим диварының багыш эдилиш дабарасыны беллемек үчин герекди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 12:27
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi.


Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.


Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar.


dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.


Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy.


Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.


Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.


Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.


Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.


Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler.


Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler.


Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi.


Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady-horramlyk etdiler.


Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.


Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ