Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 12:24 - Mukaddes Kitap

24 Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Левилер баштутанлары Хашабя, Шеребя ве Кадмыелиң оглы Ешува бир тарапда, доганлары-да бейлеки тарапда дуруп, Худайың гулы Давудың табшырышы ялы, гезек-гезегине алкыш окап, шүкүр эдйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 12:24
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi.


Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.


Lewiler Hodawýanyň nesillerinden bolan Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri ýetmiş dört adam.


Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy.


Lewileriň urugbaşylary taryh ýazgylaryna Elýaşybyň ogly Ýohananyň döwrüne çenli ýazylgydylar.


Onuň garyndaşlary: Şemagýa, Azarel, Milalaý, Gilalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hanany dagy ýörediler. Olaryň ellerinde Hudaýyň adamy Dawudyň saz gurallary bardy. Mürze Ezra hem olaryň öňünden gitdi.


Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.


Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.


Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ