Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 11:31 - Mukaddes Kitap

31 Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Бенямин огуллары, Гебада, Микмашда, Аяда, Бейтелде, голайдакы обаларда,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 11:31
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.


Ýakup bu ýere «Beýtel» diýip at dakdy. Bu gala ozal Luz diýip atlandyrylýardy.


Zanowada, Adullamda we bu galalaryň ýanyndaky obalarda ýaşaýardylar. Olar Lakyşda, onuň golaýyndaky meýdanlarda, Azekada we onuň obalarynda ýaşaýardylar. Olar Beýerşebadan Hinnom deresine çenli aralykda mesgen tutdular.


Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.


Bu ýerden araçäk ilerligine Luzuň (bu öňki Beýtel) günorta gerşine çenli gelýär. Soňra aşaky Beýthoronyň günortasyndaky daglykdan Atarotaddara düşýär.


Kepar-ammony, Opny, Geba – obalary bilen bile jemi on iki gala.


Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.


Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.


Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.


Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ