Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 11:30 - Mukaddes Kitap

30 Zanowada, Adullamda we bu galalaryň ýanyndaky obalarda ýaşaýardylar. Olar Lakyşda, onuň golaýyndaky meýdanlarda, Azekada we onuň obalarynda ýaşaýardylar. Olar Beýerşebadan Hinnom deresine çenli aralykda mesgen tutdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Зановада, Адулламда ве бу галаларың янындакы обаларда яшаярдылар. Олар Лакышда, онуң голайындакы мейданларда, Азекада ве онуң обаларында яшаярдылар. Олар Беершебадан Хинном дересине ченли аралыкда месген тутдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 11:30
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,


Hanun we zanowalylar Dere derwezesini dikeldip, onuň gapylaryny oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Olar Dökün derwezesine çenli diwaryň müň tirsek aralygyny dikeltdiler.


Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Eý, Mareşa ilaty, Reb galaňyza basybalyjy gönderer. Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary Adullam galasynda gizlener.


Iýerusalimiň hany Adonysedek şonuň üçin Hebronyň hany Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire şeýle habar gönderdi:


Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar.


Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ