Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 10:39 - Mukaddes Kitap

39 Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Чүнки ысрайыл халкы ве левилер галланы, тәзе шерап ве яг садакасыны аммарлара гетирмелидирлер. Ол ерде мукаддес ериң гап-гачлары, хызмат эдйән руханылар, дервезебанлардыр айдымчылар боляндыр. Биз Худайымызың өйүни терк этмерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 10:39
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.


Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.


Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi.


Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.


«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.


Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar.


Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ