Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Нехемя 10:31 - Mukaddes Kitap

31 Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Эгер ерли халклар Сабат гүни сатмага харытлар я-да галла гетирселер-де, биз олардан Сабат ве мукаддес гүнлерде хич зат сатын алмарыс. Хер единҗи йыл биз ере дынч берерис хем-де алгыларымызың барыны гечерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Нехемя 10:31
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudylary-da gördüm.


Indi biz siziň hem keseki milletlerden aýal alyp, şeýle pislik edip, Hudaýymyza biwepalyk edýändigiňiz barada eşitmelimi?»


Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir.


Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ