Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Үстүңе неҗислик ягдырып, иле рысва эдерин, томаша өврерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 3:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý meni laýa batyrdy, toza, küle döndüm men.


Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.


Sen meni laý çukura taşlarsyň, hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi.


keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.


Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz».


Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys.


Hudaý bizi, ýagny resullary, dabaraly ýörişde iň soňky hatarda goýaýdy öýdýän. Biz märekäniň göz alnynda öldüriljekler kimin bolduk. Hawa, biz tutuş älem-jahana: perişdelere-de, ynsanlara-da tomaşa bolduk.


Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ