Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Хөкмүрован Реб: «Мен сениң душманыңдырын, эй, Ниневе халкы!» диййәр. «Эшигиңи сыпырып, миллетлере ялаңачлыгыңы гөркезерин, патышалыклара айбыңы ачарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 3:5
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.


oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.


Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.


Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.


Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.


«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ