Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Буларың бары зынахорлык эдендигиң үчин, җадыгөйлигиң билен халклары хеләкчилиге элтендигиң үчин, җадылык билен миллетлери гул эдендигиң үчин, гөзбагчылык билен халклары өзүңе чекендигиң үчин болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 3:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ