Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Nahum 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, huşuňdan gidip ýykylarsyň, duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Сен хем, эй, Ниневе, серхош болуп, хушуңдан гидип йыкыларсың, душманлардан өзүңе пена агтарарсың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Nahum 3:11
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?


Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm».


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de, ol ýerden Men olary yzarlap taparyn. Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de, deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.


Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar. Galalaryndan titreşip çykarlar. Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip, Senden heder ederler.


Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, arakhorlar kimin serhoşdyrlar; gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.


Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.


Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler.


Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýularda gizlendiler.


Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ